GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini wezipä gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady
20.02.2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda Tokio şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitiniň çäklerindäki duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, ýola goýlan ynanyşmak dialogynyň esasynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiliklerini bilelikde ulanmaga taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Premýer-ministr Sanae Takaitä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň dostlukly halkynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.