GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
“Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda daşarky bazarda ýerlenildi
19.02.2026

18-nji fewralda Türkmenistanyň döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Serbiýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniniň gury ekstraktyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Türkiýe Respublikasynyň işewürleri Türkmenistanyň telekeçilerinden dokma önümlerini satyn aldylar.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewürler toparynyň wekilleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 921 800,00 manada we 3 154 050,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.