Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eziz Watanymyzda bedew batly ösüşleriň giňden dabaralanýan günlerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýokary sylagy bilen sylaglanylmagy döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere, Bitarap Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmekdäki halkara başlangyçlaryna berilýän ýokary bahadan nyşandyr.
"Siziň adamzat ähmiýetli, parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer we köpugurly döwlet syýasatyňyz, raýatlarymyzyň saglygy, sagdyn durmuşy ugrundaky bimöçber aladalaryňyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna hemmetaraplaýyn hemaýat etmek babatdaky oňyn tagallalaryňyz bilen utgaşyp, häzirki döwürde Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde abraý-mertebesi has-da belende göterilýär. Munuň özi halkymyzyň döwletliliginden, agzybirliginden we bagtyýarlygyndan, aýratyn-da, umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň, ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilýän, galkynyşa beslenen döwrümizde adam, onuň saglygy we abadan durmuşy barada edilýän aladanyň, ynsan gymmatlygyna goýulýan hormat-sarpanyň ýokarydygyndan nyşandyr. Siziň belleýşiňiz ýaly, halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri öz gutlag hatynda nygtady.







