Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady.
Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda diplomatik işgärleriň sebit we halkara gatnaşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu gün ösüşiň belent sepgitlerini nazarlap, nurana geljege tarap ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur şertleri döredýär.
"Ýurdumyzyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramakda we halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny artdyrmakda döwletimiziň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňünde goýlan möhüm wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn" diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we diplomatik işgärlere berk jan saglyk, abadançylyk, döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.







