Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 17-nji fewralda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümi ýerlenildi.
Türkmen telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropilen satyn aldylar. Şeýle hem olar Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen işewürlerinden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Beýik Britaniýanyň telekeçeleri ýerli telekeçilerden gabardin çig nah matany satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden portlandsementi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 10 634 600,00 manada we 2 570 910,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.







