Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew, pensiýa gitmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli resminama 13-nji fewralda 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde gol çekdi.
Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinde ilki 2022-nji ýylyň aprelinden 2023-nji ýylyň fewralyna çenli işledi. Soňra ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine bellenildi. 2023-nji ýylyň maý aýyndan 2026-njy ýylyň fewral aýyna çenli bolsa ol ýene-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesini ýerine ýetirdi.







