GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde çäre geçirildi
16.02.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmaga we olaryň hukuk taýdan bilimini pugtalandyrmaga gönükdirilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çärä mugallymlar, talyp ýaşlar, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti giňişleýin düşündirildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara berýän öwüt-ündewleriniň jemgyýetimiziň ösüşindäki orny aýratyn bellenildi.