«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gyşky önümçilik tejribeligini geçýärler.
Nebit we gaz guýularyny burawlamak hünärini özleşdirýän talyplara bu hünär gurşawyna çuňňur aralaşmak we pudagyň işini içgin görmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda talyplar hereket edýän önümçilik desgalarynda buraw işleriniň tapgyrlaryny synlaýarlar, buraw desgalarynyň gurluşyny öwrenýärler, şeýle hem howpsuzlyk düzgünleri we ýataklardaky işleriň guralyş aýratynlyklary bilen tanyşýarlar.
Geljekki hünärmenler inženerçilik hasaplamalarynyň, tehniki resminamalaryň gündelik işde nähili ulanylýandygy barada düşünje alýarlar.







