GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça hasabat ýygnagy geçirildi
16.02.2026

14-nji fewralda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onuň dowamynda 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem pudagyň mundan beýläkki ösüşiniň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Iň möhüm ugurlaryň hatarynda tebigy gazyň eksportynyň möçberlerini artdyrmak we ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, nebit we gaz ýataklaryny netijeli özleşdirmek, kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly wezipeler görkezildi.

Daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we pudagyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

2026-njy ýyl üçin esasy wezipeleriň hatarynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň bir bölegi bolan we «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Serhetabat – Hyrat böleginiň gurluşygy, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak görkezildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz pudagynyň işgärlerine uly ynam bildirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde nebitgaz pudagynyň işini kämilleşdirmek we yzygiderli ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar.

Wise-premýer Guwanç Agajanow iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň hem-de önümçilik we strategik meýilnamalaryň berk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna aýratyn üns çekdi.

Maslahatyň dowamynda degişli düzümleriň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işler boýunça hasabat berdiler.