GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
16.02.2026

14-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýanwar aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar, şol sanda Lebap welaýatynda gurlan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumy barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby hünärmenlerini taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreleri, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de degişli ministrlikleriň we gulluklaryň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatlar bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Hususan-da, gözegçilik edilýän edaralarda sanly ulgamy ornaşdyrmak we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy, täze edara binalarynyň we gulluk ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kanunylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmagyň we kanunlaryň berjaý edilişine gözegçiligi döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna birnäçe görkezmeleri we tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy N.Atagaraýewi, başga işe geçmegi sebäpli, milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatdy we bu wezipä D.Meredowy belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy we bu işleriň mundan beýläk-de dowam ediljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.