GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Geçen hepdede birža söwdalarynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi
16.02.2026

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe boldy.

Hususan-da, içerki bazarda ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninden başlangyç ýagy we polipropilen satyn aldylar. Daşarky bazarda Owganystanyň, Gruziýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen dürli kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem geçen hepdede birža söwdalarynda pagta süýümi, bugdaý uny, suwuklandyrylan gaz, dokma önümleri, karbamid, plastik poddon, portlandsement, nah ýüplügi ýerlenildi.