2025-nji ýylda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada degişli wise-premýeriň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri baradaky hasabatynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,8 göterim boldy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 284,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 101,7 göterim berjaý edildi. Şeýle-de suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 105,2 göterime deň boldy.







