GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň jemlerini jemledi
14.02.2026

13-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2025-nji ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda wise-premýerler gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döwlet maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna käbir resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.

Hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak, Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklaryny berkitmek, şeýle hem ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek bilen baglylykda, wise-premýerlere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Hökümet mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soňra, hormatly Prezidentimiziň kabul eden çözgüdine laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, olara döwrebap awtoulaglar sowgat berildi.