Balkan welaýatynyň dürli edara-kärhanalary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylyň ilkinji aýynda ýokary ykdysady görkezijilere eýe bolmagy başardylar. Şolaryň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň bu welaýatyň çäklerindäki önümçilik kärhanalarynyň nebitçileriniň netijeli işleri hem öwgä mynasypdyr. Şeýle öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasydyr.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň ussatlarynyň ýanwar aýynda gazyp alan çig malynyň mukdary 12 müň 519 tonna golaýlady. Munuň özi gazylyp alnan nebitiň meýilnamada görkezilenden 210 tonna golaý köpdügini aňladýar.







