GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda Owganystanyň we Gruziýanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümlerini satyn aldylar
12.02.2026

Çarşenbe güni, 11-nji fewralda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 338 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.