GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ikinji ýarymýyllygyň ilkinji okuw sapagy geçirildi
12.02.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy geçirildi. Ol «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen guraldy.

Ilkinji umumy okuw sapagynda halypa mugallymlar talyp ýaşlara hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýylynyň dowamynda ylym-bilim we beýleki ulgamlarda ýeten ajaýyp sepgitleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Sapagyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrylmagy, ýylyň nyşanynda ýerleşdirilen her bir şekiliň many-mazmuny barada aýdylyp, her bir täze ýyla dakylýan atlaryň halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýandygy talyp ýaşlara giňişleýin düşündirildi.

Ýaş nesillerde Watana bolan söýgini we wepalylygy terbiýelemek, uly ösüşlere, guwandyryjy üstünliklere buýsanjy has-da dabaralandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň üsti bilen hem ilkinji okuw sapagynda birnäçe çykyşlar edildi.