Sişenbe güni, 10-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda türkmen telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Şeýle hem olar "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy, Dokma senagaty ministrliginden bolsa dokma önümlerini satyn aldylar.
Daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen telekeçileri bilen 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Owganystanly işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 142 273 000,00 manada we 1 622 300,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.







