GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýylyň nyşany we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikleri Balkanabatda geçirilen duşuşygyň esasy temasy boldy
11.02.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň ilkinji ýaşlar guramasynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň bilelikde guramagynda «Şan-şöhratly ýylymyz bedew badynda, aýdyň maksat şygarynda, adynda» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen dünýä atşynaslygynyň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň şöhraty, täze ýylymyzyň şygarynyň we nyşanynyň many-mazmuny dogrusynda, şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylandygy barada buýsançly gürrüň berdiler.

Soňra dabaraly çärä gatnaşanlar welaýat kitaphanasynda guralan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly» atly döwrebap sergä tomaşa etdiler. Olar sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplary bilen içgin tanyşdylar we türkmen milli atşynaslyk sungatyny beýan edýän fotosuratlary höwes bilen synladylar.