GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara Gutlag iberdi
10.02.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda açylan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkiýe Respublikasynyň kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp baryp, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar we işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýärler. Munuň şeýledigi taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan, «iki döwlet — bir millet» hasaplanylýan dostlukly türkmen we türk halklarynyň arasyndaky yzygiderli ösdürilýän köpugurly gatnaşyklarda aýdyň görünýär.

Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik, daşary söwda, bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döredilýän amatly şertler türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanda we Türkiýe Respublikasynda milli önümleriň özara sergileriniň, işewürler maslahatlarynyň, forumlaryň yzygiderli geçirilmegi dürli pudaklarda döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary giňden çekmekde bu serginiň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy.

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 12-nji fewrala çenli dowam eder.