Duşenbe güni, 9-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt- çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda içerki bazarda türkmen işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşiginden olar 1-nji hilli bugdaý ununy satyn aldylar.
Daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerinden pagta süýümini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 25 801 000,00 manada we 2 717 504,26 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.







