GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda nebit önümlerine ýokary isleg bildirildi
09.02.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda "Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri hem ýokary islege eýe boldy.

Hususan-da, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçileri "Türkmennebit” döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Ýerli işewürler "Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180”, “SN-350” kysymly başlangyç ýaglaryny, “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny we “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar.

Şeýle hem birža söwdalarynda dokma önümleri, karbamid, kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasiýasy, 1-nji hilli bugdaý, pagta ýagynyň soapstogy, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik çig ýag turşulygy, çig ýüpek, nah ýüplük, portlandsement ýerlenildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýanwar aýynda 26 birža söwdasy geçirilip, olarda 2 müň 361 şertnama hasaba alyndy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hökümet mejlisinde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.