7-nji fewralda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny üns merkezinde saklamak, howanyň dürli şertlerine görä, önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak, gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, gurluşyk işleriniň depginini has-da çaltlandyrmak boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Çykyşlarda döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeleri, geljegi uly täze känleri we gatlaklary ýüze çykarmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, geologik-gözleg işleri, sanly tehnologiýalary, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak babatda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmegiň ýollary barada giňişleýin durup geçdiler.
Wise-premýer Batyr Amanow döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmek we yzygiderli ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny nygtady.
Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine häzirki zaman tehnologiýalaryny, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, ulgamda ylmy-innowasion täzelikleri öwrenmegiň, möhüm çärelere, şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň, hünärmenleriň iş tejribelerini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi.
Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew hem gatnaşdy.







