Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,5 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 126,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy.







