GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýanwar aýynyň jemleri jemlenildi
07.02.2026

6-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş etdi. Ol 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, migrasiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Mejlisde Çad Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, halkara guramalaryň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 4-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek babatda ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 6-syna gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlar bilen wise-premýerler çykyş etdiler.

Hasabatlary diňläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler, amala aşyrylmaly çäreler we öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. “Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýle-de häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz indiki hepdede Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini, onda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleriniň jemleniljekdigini, kabul edilen maksatnamalaryň we berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň seljeriljekdigini, käbir beýleki meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.