6-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda içerki bazarda ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninden TPP D 30 S” kysymly polipropilenini satyn aldylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň işewürleri "Türkmenýüpek" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen çig ýüpegi, Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Ýerli telekeçilerden türk işewürleri pagta ýagynyň soapstogyny, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik çig ýag turşulygyny (ÇÝT), pagta ýagynyň çökündisini, pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygyny (ÇÝT) we pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygyny (ÇÝT) satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 19 939 928,00 manada we 1 507 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.







