GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan GDA gatnaşyjy ýurtlary telewizion filmleriň döwletara bäsleşigine çagyrýar
06.02.2026

Türkmenistan «Bedew bady: güýç hem gözellik» ady bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynа (GDA) gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlardan telekompaniýalar hem-de islendik ýaşdaky garaşsyz awtorlar gatnaşmaga çagyrylýar. Filmler rus ýa-da iňlis dilindäki terjime ýazgylarynyň (subtitr) görkezilmegi bilen islendik dilde bolup biler.

Bäsleşige dowamlylygy 15 — 30 minut bolan, tohum atlaryň taryhyna, atyň GDA agza ýurtlaryň halklarynyň medeniýetindäki ornuna we atçylyk sportuna bagyşlanan işler kabul edilýär.

Bäsleşik we oňa gatnaşmagyň şertleri hem-de tertibi baradaky jikme-jik maglumatlar «Türkmenistan habarlar portalynyň» resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-22-11, (+993 65) 71-59-18, (+993 65) 53-21-62.
Elektron salgysy: internationaltvtm@gmail.com

Şu ýyl Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýär. Onuň bu wezipedäki işleriniň maksatlarynyň biri-de dostlukly halklaryň arasynda medeni, taryhy, ynsanperwer we sport gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk bu wezipäniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.