5-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan brifing geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we göni wideoaragatnaşyk arkaly FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekili Wiorel Gusu çykyş etdiler.
Brifinge gatnaşyjylara Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, gazanylan esasy netijeler, şeýle hem mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi.
FAO-nyň Baş direktory Sýuý Dunýuýyň 2026-njy ýylyň ýanwarynda Aşgabat şäherine amala aşyran resmi saparynyň, Kabul ediji ýurt hakyndaky Ylalaşyga (Host Country Agreement) gol çekilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu resminama FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasyny açmak üçin hukuk esasyny döretdi we hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykardy.
Çäräniň dowamynda 2021– 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigi barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu maksatnamanyň çäklerinde oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, azyk üpjünçiliginiň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, tebigata aýawly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de daýhan hojalyklaryny goldamak babatda birnäçe taslamalar amala aşyryldy.
Häzirki wagtda 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça täze çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamakda degişli işler alnyp barylýar.







