GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Geçen ýyl TNGIZT-de 4,5 million tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi
05.02.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň ýangyç guýujy beketleri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde halkymyza hyzmat edýär. Olary ýokary hilli benzin bilen üpjün edip durmak derwaýys wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy esasy orun eýeleýär.

2025-nji ýylda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işgärleri tarapyndan 1 million tonnadan gowrak dürli görnüşli ýokary hilli benzin öndürildi. Şeýle-de nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 4,5 million tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Meýilnama bellenen möçberden 6,7 göterim artyk ýerine ýetirildi.

2026-njy ýylda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň agzybir işgärleri täze zähmet üstünliklerini gazanmagy maksat edinýärler.