4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežine gelende, Milli Liderimizi akademiýanyň rektory P.Baýramdurdyýew we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow mähirli garşyladylar.
Ýapyk manežde “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary Gahryman Arkadagymyzy şatlyk-şowhun bilen mübäreklediler. Merkeziň ýolbaşçysy bu ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanýandygy we ýaşlara milli atşynaslyk däplerini ylmy esasda öwretmek ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde bilim alýan çagalaryň okuwlary, olaryň milli atşynaslyk däplerini çuňňur özleşdirmekleri babatda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.
Merkeziň ýolbaşçysy milli we dünýä atçylyk sungatynyň usullaryny, iňlis, rus dillerini, matematika, himiýa derslerini özleşdirmek, çagalaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn esasda geçilýän okuwlar barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde okuwlar möwsümleýin esasda alnyp barlyp, her möwsümde okamaga isleg bildirýän çagalaryň sany 40-dan geçýär.
Gahryman Arkadagymyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda merkezde bilim alýan çagalar bilen duşuşmak üçin ýörite gelendigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, bedewe atlanan ýaşlarda mertlik, batyrlyk ýaly häsiýetler kemala gelýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «At — myrat» okuw merkezi hem ýaşlara dürli ugurlar boýunça bilim bermekde netijeli işleri alyp barýar.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde çagalaryň atçylyga degişli hünärleri saýlap almaklary üçin hemme mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, olarda bedewlere söýgini artdyrmak maksady bilen, okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde pul sowgadynyň berilýändigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz ata höwesli ýaşlara niýetlenen sowgady gowşurdy we “Sylaglaryňyz gutly bolsun, nesip etsin!” diýip, olara hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.
«At — myrat» okuw merkeziniň ýolbaşçysy we bu ýerde bilim alýan ýaşlar bildirilen hormat-sylag üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Haýyr-sahawat gaznasynyň gönükdiren bu serişdeleri okuw merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegine, ýaşlaryň sanly ulgamy işjeň özleşdirmeklerine ýardam berer.
Gahryman Arkadagymyz merkeziň ýolbaşçylarynyň we okuwçylaryň haýyşy boýunça olar bilen iki sany bedewiň ýanynda ýadygärlik surata düşdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugrady. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary tarapyndan mähirli garşylanyldy.
Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalary bilen mähirli salamlaşyp, olary Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
“Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berýär. Atşynaslarymyzyň işlerini döwrebap alyp barmaklary, «Galkynyş» toparynyň üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli şertleri döredýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
“Türkmen milli atçylyk sungatynyň at-abraýyny belende galdyrmakda alyp barýan işleriňiz üçin hormatly Prezidentimiz sizi gutlap, öz minnetdarlygyny bildirdi. Döwlet Baştutanymyz toparyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, sizi 3 million manat bilen sylaglamak barada karara geldi” diýip, Gahryman Arkadagymyz degişli çözgüdi mälim etdi.
Milli Liderimiz “Şa serpaýyňyz gutly bolsun! Nesip etsin!” diýip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysyna onuň agzalarynyň mynasyp bolan sylagyny hem-de toparyň agzalarynyň her birine nepislik bilen ýasalan at eýerlerini gowşurdy.
«Galkynyşyň» ýolbaşçysy milli atçylyk sungatyny dünýä ýaýmak we ony ösdürmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler, döwlet tarapyndan berilýän goldaw hem-de Şa serpaýy üçin toparyň agzalarynyň we ähli atşynaslaryň adyndan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şeýle-de ol türkmen atçylyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek, halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, milli atşynaslyk ýörelgeleriniň, ahalteke atlarynyň abraýyny belende galdyrmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyryp, Gahryman Arkadagymyzdan özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri manežde Garaşsyz atly ajaýyp bedewe atlanyp, olaryň arasyna geldi. Toparyň agzalary Gahryman Arkadagymyzyň daşynda jem bolup, bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalaryna Garaşsyz atly ajaýyp bedewi sowgat hökmünde gowşurýandygyny aýtdy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyza 35 ýyl bolýandygy nazara alnanda, bu sowgat ýurdumyzyň ösüşleriniň özboluşly nyşany bolup durýar.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýewiň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda atçylyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
P.Baýramdurdyýew häzirki döwürde alnyp barylýan işler, talyplaryň amaly sapaklary tejribede özleşdirmekleri ugrunda döredilen şertler we mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça döwlet tarapyndan edilýän tagallalar barada maglumat berdi.
B.Rejepow häzirki döwürde atçylyk boýunça dünýäniň dürli ýurtlary bilen halkara gatnaşyklaryň ýola goýlandygy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada habar berdi.
Gahryman Arkadagymyz atçylyk ugry boýunça şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanylýandygyna, onda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Şol bir wagtyň özünde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan ýeňişleriniň, olaryň dünýä nusgalyk çykyşlarynyň halkara giňişlikde giňden wasp edilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri, atşynaslaryň, seýisleriň we çapyksuwarlaryň kämil neslini döretmek ugrunda edilýän tagallalary beýan edýän çeper filmiň surata düşürilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtap, bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.







