GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
“Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda
05.02.2026

Çarşenbe güni, 4-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda içerki bazarda ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen telekeçilerinden dokma önümlerini satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 472 500,00 manada we 1 245 850,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.