GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we BAE gaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar
04.02.2026

3-5-nji fewralda Dubaýda (BAE) geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmet Al-Jaber bilen duşuşdy.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini belläp, taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek üçin mümkin bolan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda ileri tutulýan ugurlarda yzygiderli gatnaşyklary üpjün etmek üçin iki ýurduň wekilleriniň arasynda duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek we berkitmek barada ylalaşyk gazanyldy.