«Türkmennebit» döwlet konserni, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazeti bilelikde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärler üçin döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
Bäsleşigiň ady: «Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany».
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini hem-de hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ruhy baýlygyny has-da kämilleşdirmekde durmuşa geçirýän beýik işleri hakynda ýazylan iň gowy makalalary, oçerkleri, fotoreportažlary, goşgulary, hekaýalary taýýarlamaly.
Döredijilik bäsleşigi 2026-njy ýylyň dowamynda geçiriler. Onuň netijeleri bolsa her ýyl 14-nji dekabrda bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda belli bolar.
Bäsleşige gelen materiallar onuň jemi jemlenýänçä «Nebit-gaz» gazetinde «Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar bilen yzygiderli çap ediler.
Taýýarlanylan işleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 58-nji jaýynda ýerleşýän «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasyna ýollamaly. Gatnaşyjylar öý salgysyny, işleýän ýerini, wezipesini, telefon belgisini görkezmeli.
Telefon belgisi: (+993 12) 44-08-40.
Faks: (+993 12) 44-19-13.
E-mail: nebit-gazgazeti@oilgas.gov.tm







