Duşenbe güni, 2-nji fewralda birža söwdalarynda daşarky bazarda Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny, “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn aldylar.
Mundan başga-da birža söwdalarynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň (daşarky bazarda) önümleri we “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň önümleri (içerki bazarda) ýerlenildi.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 227 080 000,00 manada we 2 184 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy.







