GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Özbegistanda geçirilen olimpiadada medallar gazandylar
02.02.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 5 talyby matematika we himiýa dersleri boýunça 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwaryndan 29-njy ýanwaryna çenli Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen halkara olimpiadada ýokary netijeleri görkezdiler.

Matematika dersinden sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Kerimguly Bendow altyn medala we I derejeli diploma, şol fakultetiň 4-nji ýyl talyby Yslam Haýytmuhammedow bolsa kümüş medala we II derejeli diploma mynasyp boldular.

Himiýa dersinden geçirilen halkara bäsleşiginde himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Azim Bahtyýarow kümüş medala we II derejeli diploma, şol fakultetiň 4-nji ýyl talyby Abdyrahim Batyrow hem-de energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Jemşit Talibžonow bürünç medala we III derejeli diplomlara mynasyp boldular.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň bu abraýly halkara olimpiadada gazanan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky edýän aladalarynyň aýdyň netijesidir.