30-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harmsyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn dialogyň ýokary derejesini görkezýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösýändigini bellediler.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-german işewürlik forumyna gatnaşmagy güýçli itergi berdi.
Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Astanada «Merkezi Aziýa-Germaniýa» dialogynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň şol wagtky Federal Kansleri bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygynyň, şeýle-de german işewür toparlarynyň wekilleri bilen bolan gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi.
Söhbetdeşler Ykdysadyýet günleriniň, işewürlik forumlarynyň we ykdysady sergileriň yzygiderli geçirilýändigini bellediler we şunda Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň tutýan aýratyn orunlaryny nygtadylar.







