Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Batyr Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, nebiti gaýtadan işlemek we içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek, ony daşarky bazarlara ibermek, kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önümçilik desgalarynyň kadaly işledilmegi boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Ýurtda nebiti gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede ösdürmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullady.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.







