30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara we milli tejribe öwrenilip, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine hem-de “Migrasiýa hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirilip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Mejlisiň deputatlary BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren çärelerine gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilýän kanunlaryň uly ähmiýete eýedigini aýtdy hem-de häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlar bilen wise-premýerler çykyş etdiler.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler we degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, garamagyna hödürlenilen teklipleri makullady we wise-premýerlere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle-de ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly Karara gol çekip, onuň durmuşa geçirilmegi babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna dahylly başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.







