GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
"Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy" tassyklandy
31.01.2026

30-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak baradaky Karara gol çekdi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edildi.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.