GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy bilen ÝUNISEF-iň hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy maslahatlaşyldy
26.01.2026

24-nji ýanwarda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bähbidine köpýyllyk netijeli dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, ösüp gelýän ýaş nesliň abadan durmuşy we saglygy baradaky aladanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekili Türkmenistanyň eneligi we çagalygy goramak babatda başlangyçlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyp, gazna bilen gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi giň halkara ykrarnama mynasypdyr.

ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Bu resminama durmuş ähmiýetli wezipeleri çözmekde tagallalary birleşdirmek üçin berk hukuk binýady bolup çykyş edýär. Taraplar ösüp gelýän ýaş nesliň abadan durmuşy üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilen bu resminamany ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler barada-da durlup geçildi.