GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumyny açyp berdi
26.01.2026

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynda Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi Diýarymyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda harby gullukçylar üçin ajaýyp sowgat boldy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimizi aýdym-sazly çykyşlar bilen garşy aldylar.

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze toplum nyzam meýdançasyndan, esgerler naharhanasyndan, medeniýet öýünden, ýatakhanalardan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, dikuçar meýdançasyndan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybaratdyr. Bu binalarda harby gullukçylar üçin ähli şertler döredilipdir.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, ilki bilen, toplumyň dolandyryş binasynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy, binalar toplumyndaky esgerler ýatakhanasynda döredilen şertler bilen tanyşdy.

Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, otaglarynyň ýerleşdirilişi, bu ýerde döredilen şertler ýokary halkara ölçeglere, harby-guramaçylyk talaplaryna doly laýyk gelýär. Ýatakhanada harby gullukçylaryň dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertler döredilipdir.

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine täze gelip gowşan döwrebap harby tehnikalar we uçarmansyz uçýan enjamlar bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygyň dowamynda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyny, harby gullukçylaryň we ýaş esgerleriň, serkerdeleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet beriljekdigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz täze binalar toplumynyň esgerler naharhanasyna baryp gördi. Naharhananyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi harby gullukçylary talabalaýyk we ýokumly iýmitlendirmekde amatly mümkinçilikleri döredýär. Bu ýerde azyk önümlerini kada laýyk saklamak üçin ýörite otaglaryň, hususan-da, ammarlaryň, sowadyjylaryň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz naharhanada işleriň ýola goýluşy bilen gyzyklanyp, azyk önümleriniň hemişe ekologik taýdan arassa bolmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy harby bölümiň çägindäki meýdan okuw-türgenleşik suw howdanynyň syn ediş ýerine gelip, bu ýerde ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň kömegi bilen suwuň üstünde köpriniň gurnalyşyny we onuň üstünden harby tehnikalaryň geçişini synlady.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 200 hojalyga niýetlenen, her biri 50 öýli, 4 gatly 4 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, dükan, çagalar üçin oýun meýdançasy, awtoduralga göz öňünde tutulypdyr. Giň we ýagty otaglar täze jaýlaryň gurluşyk işleriniň döwrüň ösen talabyna laýyk derejede ýerine ýetirilendigini görkezýär. Döwrebap jaýlarda ähli zerur şertleriň döredilmegi harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede bolmagy ugrunda döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýändiginiň mysalydyr.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi abadanlaşdyrylypdyr. Şeýle hem toplumda körpeler üçin niýetlenen oýun meýdançasy bar. Şunuň bilen bir hatarda, sport meýdançasy harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň saglygyny berkitmeklerini, wagty peýdaly geçirmeklerini üpjün eder. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän bu ýaşaýyş jaýlary harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň döwrebap ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi bilen bagly işleriň hemişe üns merkezinde saklanylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Toplumda hereket edýän söwda nokadynda azyk we hojalyk harytlary, beýleki önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Munuň özi ilaty azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek boýunça işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny görkezýär. Toplumyň çägindäki häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezi harby gullukçylara we olaryň maşgala agzalaryna ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumyny açyp berendigi üçin döwlet Baştutanymyza ähli harby gullukçylaryň adyndan hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şanly waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.