GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
17.01.2026

16-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Mejlis tarapyndan ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, “Migrasiýa hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary bellemek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Resminama laýyklykda, saýlawlary şu ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe gününde geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýurdumyzyň hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, kabul edilen kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra ýolbaşçylyk edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlar bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary çykyş etdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, wise-premýerlere anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.