Anna güni, 16-njy ýanwarda birža söwdalarynda içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Daşarky bazarda Owganystanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň we Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli telekeçilerden 100% nah kreton matany satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 1 000 000,00 manada we 7 181 300,00 ABŞ dollaryna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy.







