Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi ýurduň ýaşlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigi yglan etdi.
Bäsleşige Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzasy bolan, ýaşy 35-e çenli ýaşlar gatnaşyp bilerler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň (TYA) işgärleri, ylmy-barlag institutlarynyň, TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, magistrantlar, aspirantlar, doktorantlar, orta we orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary, şeýle hem ylmy işe aýratyn gyzyklanma bildirýän dürli kärdäki raýatlar bolup biler.
Bäsleşige 6 sany esasy ugur boýunça ylmy işler kabul edilýär: nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylygy we derman önümçiliginiň tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar.
Ylmy işler ylmyň we tehnikanyň degişli ugurlarynda ýöriteleşen alymlardan we hünärmenlerden düzülen ýörite bilermenler topary tarapyndan seljeriler. Awtorlaryň işleri temanyň we mazmunyň möhümligi, amaly taýdan ulanylyp bilinmegi, maksadyň anyklygy, ylmy täzeçilligi, ylmy barlagda peýdalanylan materiallar we onuň metodologiýasy, ylmy netijeleriň tassyklanmagy ýaly ölçegler boýunça bahalandyrylar.
Bäsleşik üç tapgyrda geçiriler. Ylmy bäsleşigiň netijeleri, däp bolşy ýaly, 12-nji iýunda ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli yglan ediler. Bäsleşigiň ýeňijileri gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar.
Ylmy işler şu ýylyň 15-nji fewralyna çenli Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşine tabşyrylmalydyr. Ylmy işler Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 104-nji salgysynda ýerleşýän Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda kabul edilýär.
Bäsleşigiň geçirilmegi, ylmy işleriň resmileşdirilişiniň düzgünleri, gatnaşmak üçin arzalaryň we resminamalaryň tabşyrylyşy barada giňişleýin maglumatlar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň resmi internet sahypasynyň «Bäsleşikler» bölüminde, şeýle hem 44-88-55 telefon belgisi arkaly elýeterlidir.







