GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan Türki döwletleriň hepdeliginde öz medeni mirasy bilen tanyşdyrdy
16.01.2026

Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen geçýän 2026-njy ýyla bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan BMG-niň Wenadaky edarasynda Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraldy.

Sergide türkmen dokma önümleri, milli egin-eşikler, halylar, halk ussatlarynyň işleri, kümüş şaý-sepler hem-de ahalteke atlaryny çeper suratlandyrýan eserler görkezildi. Bu sungat eserleri türkmeniň amaly-haşam sungatynyň baýlygyny we milli gymmatlyklaryň ähmiýetini açyp görkezdi.

Çärä Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary, BMG-niň Wenadaky edarasynyň wekilleri, diplomatik korpusyň agzalary we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.