GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde ýyllyk meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi
16.01.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümine girip, Türkmenistanyň Balkan welaýatynda iş alyp barýan «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi geçen ýylyň jemleri boýunça ýokary önümçilik-ykdysady netijeleri gazandy.

Müdirlikde öndürilen nebitiň möçberi 668 müň 654 tonnadan geçdi. Munuň netijesinde nebitiň meýilnamadan artyk çykarylyşy takmynan 43 müň 664 tonna boldy. Şeýlelikde, ýyllyk meýilnama 106,99 göterim ýerine ýetirildi.

Müdirligiň nebitçileri uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirip, häzirki wagtda hem ýokary öndürijilik bilen zähmet çekýärler.

Şu ýylyň ilkinji aýynda «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň hyzmat ediş kärhanalary bilen bilelikde ýerasty önümli gatlaklary senagat taýdan özleşdirmek boýunça giň möçberli işleri alyp barýar. Bu bolsa nebitçileriň işiniň geljekde-de üstünlikli ösdürilmegine ynamy berkidýär.