GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
“Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri Türkmenistanda birža söwdalarynda
14.01.2026

Sişenbe güni, 13-nji ýanwarda birža söwdalarynda daşarky bazarda BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 8 400 000,00 manada we 1 760 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.