GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatynda ekiş möwsümine taýýarlyk meselelerine seretdi
13.01.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny taýýarlamak, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär.

Häkimler welaýatlaryň çäklerindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik binalarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hem hasabat berdiler.

Hasabatlary diňläp, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmak üçin ähli önümçilik tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsüminde pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek, gowaça çigitlerini taýýarlamak hem-de olary ekiş möwsümine çenli talabalaýyk saklamak boýunça işler alnyp barylýar. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlarda gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegi, pagta öndürijileri gowaça tohumy bilen üpjün etmäge aýratyn üns bermegi, ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny doly taýýar etmegi, bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmagy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini talabalaýyk geçirmegi, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.