GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda "Türkmennebit" döwlet konserniniň önümlerine ýokary isleg bildirildi
12.01.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda içerki we daşarky bazarlarda "Türkmennebit" döwlet konserniniň önümlerine ýokary isleg bildirildi.

Hususan-da, tip I-soekstrudirlenen gaplama örtügi, “SN-350” we “SN-180” kysymly başlangyç ýaglary, "BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy satyn alyndy.

Satyn alyjylaryň hatarynda ýerli işewürler, Özbegistanyň, Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri bar.