9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ilkinji gezek geçirilen bu mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýerler öz gözegçilik edýän ulgamlary boýunça 2026-njy ýyl üçin taýýarlanylan iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, toplumlar boýunça 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady hem-de degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.







