GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmennebit» DK-nyň önümleri daşary ýurt bazarlarynda işjeň ýerlenilýär
10.01.2026

Anna güni, 9-njy ýanwarda birža söwdalarynda daşarky bazarda BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 32 372 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.